02:53 Sowgadym | |
|
Ykbalymdan "ömür bagta" garaşyp, Gezip ýördüm, agyr dertde, görgide. Ol hem entek uzaklarda çemeli, Görnenok hiç teleskopda, dürbide. Duýgulardan serhoş bolan mahalym, Ýanymda-da görlüp-görlüp gitdi ol, Saklamaga elde barym etsem-de, Ahmyr bolup, arman bolup ýitdi ol. Ahmyrlarda, armanlarda oturyp, Ýalňyşlaryň ýumagyny çözledim Aýazbaba ynanýan çaga deýin, Täze ýylda sowgatlardan gözledim. Bagtym çykjak sowgadyma garaşdym, Garaşmakdan sabyr käsäm çogmady Ýyllaň maňa gaýtalaýan peşgeşi, Öňkiler dek ýalňyzlykdyr sowgadym. Ylham GURBANALYÝEW. 2021. | |
|
| |
| Teswirleriň ählisi: 0 | |
