23:33 Söýgi derwezesi | |
Ýene şol derweze ýadyma düşdi, Derweze ähliniň baryndan eziz. Her gün agşam şol derwezäň ýanynda Duşuşardy bir ýigit hem zyba gyz. Soň bolsa jübütler dähedem-dessem Gujagyna girerdiler söýginiň. Süýji pursatlara gark bolardylar Mejnunyň ogly hem gyzy Leýliniň. Gizläp nämedeýin, şo ýigit, şo gyz Häzir girip-çykýar biziň öýmüzden. Şol derweze bizi birikdiripdi, Ak ýola salypdy özem duýmazdan. Ýok, ol kaşaň däldi, Sadady, sada, Ýöne ähli derwezeden ezizdi. Pata berip, ýola saldy ertire Gör, näçe ýigidi, Näçe-de gyzy... Soňlanyp bilerdi belki şu ýerde Söýgi derwezesi hakynda goşgy. Ýöne soňlanmady... Sebäp arada Ýolum şol derwezäň üstünden düşdi. Derwezäň üstünden ýolum düşse-de, Derwezäň özüne düşmedi gözüm. Ony ýykypdyrlar... Ynanmarsyňyz, didäme ýaş indi, gyzardy ýüzüm. Derweze ýykylsa, täzesi gurlar, Gurlar öňküsinden has ajap biri. Ýöne nähilisi gurulanda-da Gurlup bilmez derwezeleň ezizi. Öz ömründen diýseň uzak ýaşaýar Ýagşynyň abraýy, ýagşynyň ady. Kalbymdan öçmersiň, eziz derweze, Iň eziz çagymyň gözli şaýady. | |
|
√ Hatty benewşe, haddy läle, zülpi reýhandyr... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Men bir ýola... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ "Ýene-de daň atdy..." / Goşgular - 01.01.2025 |
√ Ýagşy niýetler / Goşgular - 08.01.2025 |
√ Dünýä maňa aşyk bolsun! / Goşgular - 07.01.2025 |
√ Dostum, arz et jemalyň, janymyz bolsun fereh... / Goşgular - 04.01.2025 |
√ Bir dem ol dilber jemalyndan yrak olmak ne güýç... / Goşgular - 01.01.2025 |
√ Lolular / Goşgular - 08.01.2025 |
√ Ýaraly ýüregiň owazy / Goşgular - 22.01.2025 |
√ Ýa Biribar / Goşgular - 30.01.2025 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |