18:55 Söýgi hatyndan soňky oýlanma | |
Gözel gyzyň ýazan söýgi hatyndan, Durlap bilmän ýaňy bozlan nepesim. Belent jaýlaň iň ýokarky gatyndan, Synlap durun agaçlaryň depesin. Ýaprak neçüýn terk edipdir şahasyn, Bu sowalyň jogaby bar ýönekeý. Bilip-bilmän ömre düşýän bahasyn, Söýgiň üçin gurban bolma, Ýöne köý! Kepderileň sürüsi dek pikirlem, Gonara ýer tapman uçýarlar gökde. Oglan yhlasym bar juda ýekirlen, Onsoň nirden aýdym bolsun ýürekde. Sebäp özgä gülüp bakan gözleriň, Kalbymda yşk odun ýakmaýar indi. Ýöne geçen günlerime dözmerin, Söýgi maňa hasrat bolup göründi. Indi bize düşünişmek kyn bolar, Söýgi bize geçip giden şalykdyr. Balygyň gylçygna dönen kineler, Bokurdakda tegek bolup galypdyr. Ilmet GURBAN. | |
|
| |
| √ Ýar laglyň arzuwlar men, jana bereý sen şypa... / Goşgular - 06.01.2025 | |
| √ Ýaraly ýüregiň owazy / Goşgular - 22.01.2025 | |
| √ "Ýene-de daň atdy..." / Goşgular - 01.01.2025 | |
| √ Söýlemezlik harjysy söýlemegiň hasydyr... / Goşgular - 04.01.2025 | |
| √ Lolular / Goşgular - 08.01.2025 | |
| √ Men bir ýola... / Goşgular - 12.01.2025 | |
| √ Dünýä maňa aşyk bolsun! / Goşgular - 07.01.2025 | |
| √ Rubagylar / Goşgular - 10.01.2025 | |
| √ Hatty benewşe, haddy läle, zülpi reýhandyr... / Goşgular - 12.01.2025 | |
| √ Ýagşy niýetler / Goşgular - 08.01.2025 | |
| Teswirleriň ählisi: 0 | |
