15:23 Söýmäň meni... | |
|
Suwotylar gysyp goýdy - Mekgeligi. Hepdeligi - geçip gitdi Ölenleriň, Görenleriň - yzda galyp Has-da artyk şükürleri Duýgularym, pikirlerim Çekize deý turşap galdy Boljak boldy... Barmy çäre? Içi buzluk gurşap aldy Gyş nämedir? Tomus näme? Girýan boldum. Bir ýan boldum. Soňlap yşgy Hijran geldi. (Olam heser...) Gerekmidir müňläp goşgy? Gerekmidir şunça eser? Söz açmaň hiç bolan hakda, Boljak hakda, Durjak çakda. Goý, dolaýsyn, dolsa damak! Göwün şonsuz ýamak-ýamak Söküp ýene berçinlemäň! Söýgim öldi. Men ölmedim. Ýürek, bagrym kerçelemäň! Haýyş indi, söýmäň meni, Söýjek diýip parçalamaň! Ylham GURBANALYÝEW. 2022. | |
|
| |
| Teswirleriň ählisi: 1 | ||
| ||
