18:43 "Sud gelýär, turuñ..." | |
|
Kimsi jenaýatçy, Kim hyýanatçy, Kimsi hemaýatçy... Bu suduñ zaly - Her kimiñ añynda, Bar bir hyýaly. Bu ýerde adalat, arassa wyždan, Çykýar garşysyna iki ýüzlüleñ. Gabahat işlere orun ýok, orun, Seri belent bolar dogry sözlüleñ. Ol ýalan sözleýär çyna berimsiz Günäsize ýöñkeýär bar günäni. Onuñ üçin wyždan iñ soñky hasap, Wyždanyñ öñünde agyr günäli... Sud gelýär, Adamlar, ýerñizden turun! Beýik adalatyñ hatyrasyna, Ony gorañ Ony söýüñ, Mert duruñ! Bu ýer suduñ zaly, Sud gelýär, Turuñ! Allaýar ÇÜRIÝEW. | |
|
| |
| Teswirleriň ählisi: 0 | |
