16:43 Şugün meni söýseň bolýar | |
|
Gülden görkli, hem aý ýüzlim, Kalby tämiz, humaý gözlim, Käte aýan, käte gizlin Şugün meni söýseň bolýar. Düşün, bile hoşdugyma, Sensiz göwre boşdugyna, Çydap ara daşlygyna, Şugün meni söýseň bolýar. Arzuw-uly, umyt-kiçi, Sabyr saňa kyndyr neçün? Bagtdan dogjak günler üçin, Şugün meni söýseň bolýar. Söýen ýürek köýmez ýaly, Aýralygam söýmez ýaly, "Düýnem bardy" diýmez ýaly, Şugün meni söýseň bolýar. Günler geçer düzüm-düzüm, Ömür bir gün öwrer ýüzün, Şoňa çenli diýjek sözüm, Şugün meni söýseň bolýar. Ylham GURBANALYÝEW. | |
|
| |
| √ Ýa Biribar / Goşgular - 30.01.2025 | |
| √ Meýdan güli / Goşgular - 30.01.2025 | |
| √ Dil pyrak odunda ýandy, galdy jan hijran era... / Goşgular - 12.01.2025 | |
| √ Rubagylar / Goşgular - 10.01.2025 | |
| √ Ýagşy niýetler / Goşgular - 08.01.2025 | |
| √ Bu köňlüm zowrakyn aldy bu gün bir gunça leb gülruh... / Goşgular - 06.01.2025 | |
| √ Lolular / Goşgular - 08.01.2025 | |
| √ Men bir ýola... / Goşgular - 12.01.2025 | |
| √ Oňşuksyz öý / Goşgular - 12.01.2025 | |
| √ Hatty benewşe, haddy läle, zülpi reýhandyr... / Goşgular - 12.01.2025 | |
| Teswirleriň ählisi: 0 | |
