07:23 Suw damdyrýañ agzyma | |
Eý, tula! Edil ýylan ýaly jadyly tula Mawy gözleň oýnakladyp geldiň-de Ygtyýarym alyp, öwürdiň gula. Pagta bilen damagymy çaldyň sen, Ne jan berdiň, ne janymy aldyň sen, Ne gulak salýarsyň meniň arzyma. Sen ganymy sorup, öldüm-öldümde Pagta bilen suw damdyrýaň agzyma. ▶ IIKIMIZ Seniň aslyň otdan, toprakdan meňki, Sen owsun atýarsyn, a men çalajan. Meniň geçmişim bar, gelejek—seňki, Sen-ä hanym, men günüme talaban. Sen meniň ýülügmi sorarsyň, keýgim, A men bally dodagyňdan soraryn. Meniň gursagymda galypdyr meýlim, A sen girewine ömür soradyň. Sen zeminiň Gün taýynda doglupsyň, Men garasyn görmän hatda Aýyň-da Doguldym zeminiň gije taýynda. Reňksiz telewizor meniň gözlerim, Seniňki reňkli. Şindi seniň ýaly magşuk görmedim: Sen hem düşek, Sen hem kepen taýyn-la!.. | |
|
| |
| Teswirleriň ählisi: 0 | |
