19:27 Toý lybasyn geýinipdir erikler | |
Erik geýinipdir toý lybasyny, Ak öýmäni atynypdyr başyna. Töwerege ýaýyp hoşboý ysyny. Joralary üýşüpdirler daşyna, Geýinip täzeje ýaşyl keteni. Eräp gitdi sowuk gyşyň gary-da, Bildirip dur, täze daňyň atany, Has ýalkymly, ýagty günüň nury-da, Nurlandyrdy, gurşap Ata watany. Dereklerem dakynypdyr şelpesin, Lowurdaýar çala öwsen şemala, Mymyk şemal goý ýüzümi ýelpesin, Ähli derdiň dermany deý hamala, Meň janyma berýär şypaly melhem. (Meniň boşan kalbym doldurdy ylham). Bilbiller saýraýar, seslerni goşup, Şowhun berýär başlanan toý-dabara. Aýdym aýtsam diýýär, köňülim joşup, Ýüregimde ýer galmady sabyra. Gök asmanda ak ýelken deý bulutlar, Gelýär süýşüp, süýjülik suw sepeläp. Göýä ýaş geline döndi ene ýer, Perzentlerniň başlaryny sypalap, Ak pata berýän deý täze durmuşa. Ýazdy naz-hygmatdan doly saçagny, Garşylaýar, giňden açyp gujagny, Gelsin diýip bu meýlise barçalar, Toý saçagna dürli nygmatlar seçýär. Jürküldeşip garagolja serçeler, Kä gonup, käte-de asmana uçýar. Seçilen nygmatdan paýyn çokalap, Bökjekleşip oýnaýarlar çaga deý. Gursagymda şahyr ýürek bökeläp, Neneňsi joşmasyn meniň köňlüm, heý. Menem bu dabara syn edip durun, Uz owadan leýli saçyň astynda. Ýene şeýle toýlaň şaýady borun, Ýaşap ýörkam goja zemin üstünde. | |
|
√ Bu köňlüm zowrakyn aldy bu gün bir gunça leb gülruh... / Goşgular - 06.01.2025 |
√ Dünýä maňa aşyk bolsun! / Goşgular - 07.01.2025 |
√ Lolular / Goşgular - 08.01.2025 |
√ Ýagşy niýetler / Goşgular - 08.01.2025 |
√ Bir dem ol dilber jemalyndan yrak olmak ne güýç... / Goşgular - 01.01.2025 |
√ Kowusnama: Bedew edinmek hakynda / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Dostum, arz et jemalyň, janymyz bolsun fereh... / Goşgular - 04.01.2025 |
√ Ýa Biribar / Goşgular - 30.01.2025 |
√ Ýar laglyň arzuwlar men, jana bereý sen şypa... / Goşgular - 06.01.2025 |
√ Ýaraly ýüregiň owazy / Goşgular - 22.01.2025 |
Teswirleriň ählisi: 2 | |||
| |||