11:06 Tümlük, içgepletme hem-de ýekelik | |
|
Tümlük, içgepletme, hem-de ýekelik Bu üçlük bileje birleşdi ýene. Sebäp, yşgym menden hoşlaşan güni Gussalyk goş basyp, ýerleşdi sere. Şatlygymam guýma doňdurma deýin, Datmankam elimde gidipdi eräp. Demin sanap, hassa ýatyr umydym, Arzuwlarňam has-da hallary harap. Ganat baglan duýgym batbörek eken, Çatma ýaly yraň atýar kalbymam Dökmesem, barybir bugaryp barýar, Birwagtky püre-pür bolan sabrymam. Gutarypdyr juwanlygyň nabadam, Bir gezeklik çaýa atarlyk bary ...Tümlük, içgepletme, hem-de ýekelik Şular häzirlikçe ýeterlik ýaly... Ylham GURBANALYÝEW. 2022.09 | |
|
| |
| Teswirleriň ählisi: 0 | |
