23:05 Türkmen hanlary | |
![]() Owal az bolmandy türkmeniň hany, Jan alyp jan beren il üçin bary. Gylyç alyp ele, diýen “Galkynyň”. Kyýat han, Gowşut han, Hanlar hany Nurberdi. Eziz han... Kim paýhasy bilen, kim gyljy bilen, Ojagyny, Saçagyny, Gujagyny... gorapdyr. Şeýdip her kim öz mesgenin sorapdyr. Bir gysym topragy üçin watanyň, Jan alyp, jan beren türkmen hanlary Bir ýa iki däldi, köpdi sanlary. Türkmeniň iň soňky hany Jüneýit, Janyn orta goýdy ar-namys diýip. “Watan ogullary Watana duşman”, Diýseler ynanman, ynanmaň asla. Ýöne siziň kimligiňize düşünmän, Gygyrypdyk öz wagtynda üýşenmän. Biz ýady gorapdyk, sizi goraman, Bu gün wagty geldi ötünç soramaň. Kyýat han, Gowşut han—eý, beýik adam, Size düşünen bar, Bar eken nadan. Törde bolmalyka siziň ornuňyz, Bolmaz gysyk egniňiz! O döwürler üçin etmäňler kine, Beled-ä siz, bu gadymy türkmene. Gerçek ogly az bolmandyr türkmeniň, Guly bolan däldir türkmen her kimiň... 13.07.2007ý—19.08.2008ý. | |
|
√ Ýa Biribar / Goşgular - 30.01.2025 |
√ Oňşuksyz öý / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Ýar laglyň arzuwlar men, jana bereý sen şypa... / Goşgular - 06.01.2025 |
√ Kowusnama: Bedew edinmek hakynda / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Aramyzdan gidenleri ýatlalyñ! / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Dostum, arz et jemalyň, janymyz bolsun fereh... / Goşgular - 04.01.2025 |
√ Eýledi ýar meni dert ile awara, medet... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Men bir ýola... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Dil pyrak odunda ýandy, galdy jan hijran era... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Meýdan güli / Goşgular - 30.01.2025 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |