21:29 Umytsyzlyk... | |
|
"Umytsyzlyk" boldy - ykbal baýdagy "Keçpelegem" söýgümiziň senasy Bir ömür gaýtalap şuny aýdaryn: "Kireňsiz kalbymyň ýokdy günäsi..." Tükenmez arzuwy bileje besläp, Däli, sermest bolup, çasly gülsedik Azajyk biz bilen bolmagny isläp, Şatlygmyzy tussag edip bilsedik Bir-birege deňje-deňje bölmänem, Gussalary mäjumlaýyn iýdik biz Bagtymyzyň göwnin alyp bilmänem, Özümize "myhmansöýer" diýdik biz Gülzarlyga iki ädim ätdiň-de, Yza gaýtdyň, (nämemişin, çöl gördiň) Uzatsak, gollarmyz ýetmez öýtdüň-de, Golaý diýip, aýralyga gol berdiň Ýeke-ýalňyz çekerin men yzany, Asla degmez özgelere azarym Hupbatlardan ýelim ýasap mazaly, Gursakdaky ýyrtyklary ýamaryn... Ylham GURBANALYÝEW. | |
|
| |
| Teswirleriň ählisi: 0 | |
