20:51 Uýamyň toýunda aýtmak islänlerim | |
Çagasyň öýdýärdim saňa henizem, Sen bolsaň ulalyp gidipsiň bir çak. Ýigrimi ýaşapsyň, Ynanamok hiç, Ah, wagtyň öňünde neneňsi durjak?! Ýigrimi ýyl mundan öňmüdi, dogan, Seniň doglanyňy bellän gijämiz? Şonda seniň doglanyňa begenip, Kän boşapdy limonadly çüýşämiz. Düýn dälmi atamyň yzyna düşüp, Çagalar bagyndan aglap gaýdanyň. Indi görsem on sekiz ýyl ekeni Doganjan, meniň şol düýndür öýdenim. Bu gün bolsa seni bizden alýarlar, Aýrylýaňmy indi maşgalamyzdan. Obadaş diýp ýörenim bir garagol Seni hemişelik äkidýär bizden. Gidiber, doganjan, gidiber, gitseň, Düşünýän, dogdugna myhmandyr naçar. Saňa etjek ullakan bir arzuwym: Durmuş girdabyna bolmawer duçar. Duçar bol sen oňat, oňat günlere, Arasynda gezen ýaly gülleriň. Seýrek gelýän erbet günleriňi-de, Ýagyş ýaly ýuwsun oňat günleriň. Günleň kyny bardyr, erbedi ýokdur, Görmeksiz gyzlaryň bolmaýşy ýaly. Güne bal garmagam özüňe bagly, Ýa awy gatmagam özüňe bagly. Gaýynlarnyň, adamsynyň gününe Bal gatmak geliniň borjudyr, dogan. Alarsyň jogabam özüňe görä, Bal gatsaň, bal ýagar. Ýogsa gar ýagar. Ýene bir arzuwym, uly arzuwym: Öz söýgiňe, öz erkiňe töre bol. Soltany bolsun şol päkize yşkyň Indi bize giýew boljak garagol. Hemmeleriň arzuw edişi ýaly, Bagtly bol! Bagtly bol! Bagtly bol sen! Şanyňa ýazylan şu goşgy bolsa, Agaň uýasyna patasy bolsun. 30. 06. 2011 ý. | |
|
√ Şaglawuk / Goşgular - 02.01.2025 |
√ Söýlemezlik harjysy söýlemegiň hasydyr... / Goşgular - 04.01.2025 |
√ Ýagşy niýetler / Goşgular - 08.01.2025 |
√ Meýdan güli / Goşgular - 30.01.2025 |
√ Kowusnama: Bedew edinmek hakynda / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Dünýä maňa aşyk bolsun! / Goşgular - 07.01.2025 |
√ Hatty benewşe, haddy läle, zülpi reýhandyr... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Aramyzdan gidenleri ýatlalyñ! / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Men bir ýola... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Ýar laglyň arzuwlar men, jana bereý sen şypa... / Goşgular - 06.01.2025 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |