20:39 Wagt hakda bäş kelam | |
|
Dünýä döräp ýaşan bir adyl kazy, Döwürleň, eýýamlaň ol hasapbazy. Öz kanuny bilen çykarýar höküm, Adalatam özi, jelladam özi. *** Gör bak wagtyň süýnüp geçip barşyny, Hiç kimsä ýetdirmän gaçyp barşyny. Ynsan oň hökmünden goranjak bolýar, Ol bolsa kertip ýör, daglaň gerşini. *** Islesekde, wagty saklap bolmaýar. Sekund geçdi, yza gaýdyp gelmeýär. Geçmişi barlyk bil, geljek gümana, Häzir ne iş boljak hiç kim bilmeýär. *** Wagtyň goýan tagmasyndan gaçma ýok. Wagt köprüsinden yza geçme ýok. Wagt duşumyzdan derýa deý akýar, Arman, oň suwundan ganyp içme ýok. *** Geçdi gitdi, geçdi gitdi bu pursat, Kä gysyldy, kä gyýyldy bu gursak. Durmuşyň gyzygy bormydy heýde, Elmydam şu ýaşda, şu durkda dursak. Azat NURGELDIÝEW. | |
|
| |
| Teswirleriň ählisi: 4 | ||||
| ||||
