18:29 Wagt hakda bäş kelam | |
|
Dünýä döräp ýaşan bir adyl kazy, Döwürleň, eýýamlaň ol hasapbazy. Öz kanuny bilen çykarýar höküm, Adalatam özi, jelladam özi. * * * Gör bak wagtyň süýnüp geçip barşyny, Hiç kimsä ýetdirmän gaçyp barşyny. Ynsan oň hökmünden goranjak bolýar, Ol bolsa kertip ýör, daglaň gerşini. * * * Islesekde,wagty saklap bolmaýar. Sekund geçdi,yza gaýdyp gelmeýär. Geçmişi barlyk bil,geljek gümana, Häzir ne iş boljak hiç kim bilmeýär. * * * Wagtyň goýan tagmasyndan gaçma ýok. Wagt köprüsinden yza geçme ýok. Wagt duşumyzdan derýa deý akýar, Arman,oň suwundan ganyp içme ýok. * * * Geçdi gitdi,geçdi gitdi bu pursat, Kä gysyldy, kä gyýyldy bu gursak. Durmuşyň gyzygy bormydy heýde, Elmydam şu ýaşda, şu durkda dursak. Azat NURGELDIÝEW. | |
|
| |
| Teswirleriň ählisi: 0 | |
