16:30 Yagdaý | |
|
Her gün ýene adaty gün dogup dur, Peýdamydyr jürküldisi guşlaryň?! Ünjilerem nobatyna gelip dur, Gatnawlary deýin awtobuslaryň. Güneş meni däl-de, gyzdyrýar ýeri Gursagymda doňup galan parçalar. Oýa batdym. Bu aýazly gyş güni Meniň ýaly üşeýärmi arçalar? Jogaby ýok soraglara kän gitdim, (Ýalňyzlara ýetdirmedik yşk kimde?) Rahatlygy kagyz ýüzde şa etdim, Pikirleriň ynjalyksyz köşgünde. Göwünlik berdim-de, gaýtalap ýördim Diňlenmedik ykbalymyň käkesin. Hiç kime bildirmän, gizlenip iýdim Yşgyň sowgat beren gussa kökesin. Her ädimde şowsuzlygyň ýarydym, Duşmasa-da pişikleriň garasy. Diňe meniň üçin ýanýan ýalydy, Köçeleriň her gijeki çyrasy. Arzuwlam - eýläpdi bulutlaň törün, Umytlarym ynanjaň hem sadady. Emma, häzir şeýle ýagdaýda durun: Ýalňyzlykdan ýadawlygym ýadady... | |
|
| |
| √ Bu köňlüm zowrakyn aldy bu gün bir gunça leb gülruh... / Goşgular - 06.01.2025 | |
| √ Ýar laglyň arzuwlar men, jana bereý sen şypa... / Goşgular - 06.01.2025 | |
| √ Rubagylar / Goşgular - 10.01.2025 | |
| √ Bir dem ol dilber jemalyndan yrak olmak ne güýç... / Goşgular - 01.01.2025 | |
| √ Oňşuksyz öý / Goşgular - 12.01.2025 | |
| √ Dünýä maňa aşyk bolsun! / Goşgular - 07.01.2025 | |
| √ "Ýene-de daň atdy..." / Goşgular - 01.01.2025 | |
| √ Söýlemezlik harjysy söýlemegiň hasydyr... / Goşgular - 04.01.2025 | |
| √ Aramyzdan gidenleri ýatlalyñ! / Goşgular - 12.01.2025 | |
| √ Men bir ýola... / Goşgular - 12.01.2025 | |
| Teswirleriň ählisi: 0 | |
