07:55 Ýalançylyk kyssasy ýa-da göwün gussasy | |
|
Ýalan sözläp otyr, ine, Bir ýaşuly märekede. Zeleli bar ýalan sözüň, Saçakdaky berekede. Ýalan sözläp otyr ýene, Mähellede bir ýaş juwan. Obam, obam, eziz obam, Ýalançyňa buýsan, guwan. Ak gyňaçly hajy bibi, Samramaýar nämeleri? Hajy bibi, hajy bibi, Haramylyk munuň düýbi. Ne güpleýäň alym aga, Joşgun alyp ýalan sözden. Ýada sal-a Galileýi, Gorkmandyr-a otly közden. Orta çykdyň ýene şahyr, Goşga çelgi ynsap ahyr! Ynsap küje, lebiz küje, Iller saňa diýdi:“Pahyr!“ Suw üstünde saly onuň, Gaty agyr haly onuň. Elewreýär iki ýana aýaly, Emelsiz doktoryň nedir hyýaly? Ýalňyş diagnozy?! Ýokmudy kazy!.. Bu niçik ýaman?! Eý, aman, aman, Sözlerim tamam!.. 18.09.2019. | |
|
| |
| Teswirleriň ählisi: 1 | |
|
| |
