21:51 Ýaramaz aýdym | |
Has Türkmene seslenme Ýaramaz aýdymlar – ýaramaz gylyk, Olar gaty agram salýar beýniňe. At gazanan bolup, halk artist bolup, Ertir-agşam, şol böküp dur boýnuňa. Ýagyşdan soň kömelege deňemek, Günä bolar, deňemegin, şahyrym. Kömelekler jana lezzet iýeňde, Ýaramaz aýdymlar zakgun ahyrym. Aýal bagşy adyn alan geçmişde, Aýdym üçin gideripdir bäbägin. Şindikiler zorruk sesleri bilen, Göterip ýör pul dileýän tabagyn. Az däldir pul üçin tenini satýan, Ýöne nyrhy ses satandan arzandyr. Kelle diýip, göterýäni boş kädi, Wah, satyn alanyň özem tarzandyr. “Yzy ýiten eken – diýdi –Çuwalyň!” Ýaramaz aýdymy diňläniň biri. Näme diýer size puluň gullary, Babagammar – şirin owazyň Piri?! Ýok, galat aýtdym, Onuň adyny Siziň bilen baglamagym hebesdir. Men bir zat aýdaýyn – şagal ses bilen, Ile çykmagyňyz ýalan höwesdir. Bes et, inim, bes et, uýam, gap sesiň, Dokma doka, köçe süpür, alma sat... Owaz diýip, döremänsiň döräňde, Düş sahnadan, göwün bolmasyn berbat. 15.08.2023. | |
|
| |
| √ Aramyzdan gidenleri ýatlalyñ! / Goşgular - 12.01.2025 | |
| √ Ýagşy niýetler / Goşgular - 08.01.2025 | |
| √ Lolular / Goşgular - 08.01.2025 | |
| √ Bir dem ol dilber jemalyndan yrak olmak ne güýç... / Goşgular - 01.01.2025 | |
| √ Rubagylar / Goşgular - 10.01.2025 | |
| √ Ýaraly ýüregiň owazy / Goşgular - 22.01.2025 | |
| √ Meýdan güli / Goşgular - 30.01.2025 | |
| √ Men bir ýola... / Goşgular - 12.01.2025 | |
| √ Oňşuksyz öý / Goşgular - 12.01.2025 | |
| √ Kowusnama: Bedew edinmek hakynda / Goşgular - 12.01.2025 | |
| Teswirleriň ählisi: 0 | |
