21:26 Ýaşlyk ýüzüp gitdi balyk mysaly | |
Ömrüň tirkeşipjik giden göçlerin, Gaýtarmak isleýän hyýalda käşkä. Bu seýreklän hem çalaran saçlaryň, Öňler agyn sanan bolardyk ýaşkak. Indi garasyny sanaýmalyja. Gussa naýzasyny sünjip çalaja, Ýüregiň törüne gözleýär ýoly. Ýaşlykdan dartylyp gaýdan alaja Ýüpüň, ýyl geçdikçe inçelip bili, Ynha-ynha üzülerli görünýär. Bir ujunda ýaşlyk balyk mysaly, Sypjak bolup eýläk-beýläk urunýar. Men bolsa emelsiz balykçy ýaly, Kenara çykarmaň tapman ugruny, Töweregme garap haraý gözleýän. Dözmän ol balygyň düşen jebrine, Dartylan ýüplügi biraz çözleýän. Degme ýüzübersin ýüplükden sypman, Hakyda ummannyň giňişliginde. Men gideýin gojalyga howlukman, Ol hem galybersin şol ýaşlygynda. Käte ol ummanyň kenarna baryp, Hyýalymda seniň keşbiň görerin, Şonda men kalbymyň perdesin syryp, Sen hakda şygyrlar aýdyp bererin. Sen gidersiň ýene ummana çümüp, Şol elýetmez tylla balyk mysaly. Men bolsa kenarda galaryn dymyp, Çeňňegi üzülen balykçy ýaly. Azat NURGELDIÝEW. | |
|
| |
| √ Bir dem ol dilber jemalyndan yrak olmak ne güýç... / Goşgular - 01.01.2025 | |
| √ Dünýä maňa aşyk bolsun! / Goşgular - 07.01.2025 | |
| √ Şaglawuk / Goşgular - 02.01.2025 | |
| √ Ýa Biribar / Goşgular - 30.01.2025 | |
| √ Dostum, arz et jemalyň, janymyz bolsun fereh... / Goşgular - 04.01.2025 | |
| √ Bu köňlüm zowrakyn aldy bu gün bir gunça leb gülruh... / Goşgular - 06.01.2025 | |
| √ Ýar laglyň arzuwlar men, jana bereý sen şypa... / Goşgular - 06.01.2025 | |
| √ "Ýene-de daň atdy..." / Goşgular - 01.01.2025 | |
| √ Aramyzdan gidenleri ýatlalyñ! / Goşgular - 12.01.2025 | |
| √ Lolular / Goşgular - 08.01.2025 | |
| Teswirleriň ählisi: 15 | ||||||||||||||||
| ||||||||||||||||
