22:30 Ýatlama | |
Güle dolap göwnümi, Ynjanymy bilen ýar, Käte ýoklasañ gelip, Armanlarym elenýär. Ýatlamalam ýanymda, Hyýallarym oraýar. Ýyllar ötüp gitse-de, Seni menden soraýar. Bägülleriñ bagryna, Başym goýup uklasam. Ap-ak nura beslenip, Düýşleriñde ýoklasam. Asman bolsam bagrymdan, Nurlar ýagsyn başyña. Ýyldyzlara atlanyp, Gelsem seniñ gaşyña. Göwnüm bir daş aýnadyr, Men bakýaryn begenip, Bagt ýokduryp kimlere, Ýaşap ýörüs guwanyp. Ter gülleriñ ysyna, Siñip gidesim gelýär. Söýginiñ özi bolup, Saña gaýdasym gelýär. Oguljennet NAZAROWA, Daşoguz welaýatynyñ Akdepe etrabynyñ 20-nji orta mekdebiniñ mugallymy. | |
|
| |
| √ Meýdan güli / Goşgular - 30.01.2025 | |
| √ Eýledi ýar meni dert ile awara, medet... / Goşgular - 12.01.2025 | |
| √ Ýaraly ýüregiň owazy / Goşgular - 22.01.2025 | |
| √ Kowusnama: Bedew edinmek hakynda / Goşgular - 12.01.2025 | |
| √ Aramyzdan gidenleri ýatlalyñ! / Goşgular - 12.01.2025 | |
| √ Şaglawuk / Goşgular - 02.01.2025 | |
| √ Bu köňlüm zowrakyn aldy bu gün bir gunça leb gülruh... / Goşgular - 06.01.2025 | |
| √ Ýa Biribar / Goşgular - 30.01.2025 | |
| √ Dostum, arz et jemalyň, janymyz bolsun fereh... / Goşgular - 04.01.2025 | |
| √ Men bir ýola... / Goşgular - 12.01.2025 | |
| Teswirleriň ählisi: 0 | |
