08:39 Ýazmajak bolup ýazylan goşgy | |
“Il möňňürip, ýüzün tutup aglaýar, Ýesir boşamazmy, giden gelmezmi?!” Şähri-Bossan Köp gülen bir aglar bolsa, Köp aglan bir gülmezmi?! Magtymguly aýtmyşlaýyn: “Ajap eýýam gelmezmi?!” Hydyry hyrs çykan millet, Gözün gara çokan millet, Kül üstüne çöken millet Bir silkinip galmazmy?! Çörek gözläp çapalanan, Ýüzüne gum sepelenen, Ar-namysy depelenen Azgyndan ar almazmy?! Türkmen ady dakylanyň, Tumşugyna kakylanyň, Çynar deýin ýykylanyň Dikeljegi bolmazmy?! El tersine oklanan halk, Batrak kimin saklanan halk, Agzy-burny beklenen halk Süllermezmi, solmazmy?! Hakykatdan zormuş ýalan, Köpelýärmiş baýrak alan, Bu gün başy sypalanan Ertir saçyn ýolmazmy?! Bir bedewdim, gopdy ýalym, Süňk gapdy ýazyjy-alym. Adamdan mal ýasan zalym Ýüzüne gara çalmazmy?! Iru-giç syrylar perde, Nyrh bolmaz egilen serde, “Namart” diýp ýüzlenseň merde, Öldürmezmi, ölmezmi?! Şiraly NURMYRADOW | |
|
| |
| Teswirleriň ählisi: 0 | |
