17:10 "Ýene men daglara şaýlandym bu gün..." | |
Ýene men daglara şaýlandym bu gün, Ýola düşdüm ýene paý-u-pyýada. Dyza çöküp, daga berdim salamy, Seleň dagyň gijeleri asuda. Sowuk suwly çeşmeleriň başynda, Oturyp kän oýa batdym, oýlandym. Käkilikler bilen gurdum söhbeti, Hem behişdi gijelere şaýlandym. Bürgüt guşuň ganatyna mündüm-de, Daglaryň üstünden guş deý uçdum men. Daglar baky. Bakylyga elimi Uzatdym-da, bakylygy guçdum men. Gaçmadym şir, peleň, gaplaňa duşup, Keýiklerem meni görüp gaçmady. Gördüm olaň gözlerinde hemaýat, Uzak gije ojakda ot öçmedi. Hezil eken eliň çopan taýakly, (Agram salmaz arkaňdaky goşhaltaň!) Müň ýaşly arçanyň, kerkaw astynda, Eşidilmez munda sesi aýpaltaň. Dagly menem, siňip gitdim daglara, Görjek bolup aýak yzyn pederiň. Bu gün men daglara çykdym şaýlanyp, Öz daglarym. Bolmaz munda hederim. Allaýar ÇÜRIÝEW. | |
|
| |
| √ Ýagşy niýetler / Goşgular - 08.01.2025 | |
| √ Meýdan güli / Goşgular - 30.01.2025 | |
| √ Eýledi ýar meni dert ile awara, medet... / Goşgular - 12.01.2025 | |
| √ Dünýä maňa aşyk bolsun! / Goşgular - 07.01.2025 | |
| √ Şaglawuk / Goşgular - 02.01.2025 | |
| √ Lolular / Goşgular - 08.01.2025 | |
| √ Oňşuksyz öý / Goşgular - 12.01.2025 | |
| √ Ýaraly ýüregiň owazy / Goşgular - 22.01.2025 | |
| √ Ýa Biribar / Goşgular - 30.01.2025 | |
| √ Men bir ýola... / Goşgular - 12.01.2025 | |
| Teswirleriň ählisi: 0 | |

