08:52 Ynamlaram synyp bilýän ekeni | |
|
Men muny aýtjagam däldimem weli, Köñül guşum takat bermäni üçin, Birjigem oýlanman geçip gaşyña, Ykbalyma ýazlan bagt saýyp seni, Hem oña ýetirjek dag saýyp seni, Duýgularmy aýtdym içginden-içgin. Ynam bilen sözledim men sözümi, Şübhe diýen zatdan nam-nyşan goýman, Söýgi diýlen zady tutunyp hemram, Gözleriñi gözleriñe zynjyrlap, Hem-de birazajyk, azjyk aljyrap, Iñ esasy söze gezek gelende, Köñül atym çaltdan aýak depende, Birden, kesäýdiñ-de meniñ sözümi, Gözlerimden sowduñ gara gözüñi. Meniñ aýtjak sözümi añan ýaly, Diliñden çykardyñ zäherli "Ýogy!" Sözüñ bu dünýämi ýykdy üstüme, Menem düşdüm öz dünýämiñ astyna, Ýer bilen deñ boldy ähli ynamym, Hem gördüm durmuşyñ ajy ýalanyn, Ynamlaram synyp bilýän ekeni, Ýüreklerden dömüp bilýän ekeni. Isa HOJAMERDANOW. | |
|
| |
| √ Bu köňlüm zowrakyn aldy bu gün bir gunça leb gülruh... / Goşgular - 06.01.2025 | |
| √ Söýlemezlik harjysy söýlemegiň hasydyr... / Goşgular - 04.01.2025 | |
| √ "Ýene-de daň atdy..." / Goşgular - 01.01.2025 | |
| √ Eýledi ýar meni dert ile awara, medet... / Goşgular - 12.01.2025 | |
| √ Ýagşy niýetler / Goşgular - 08.01.2025 | |
| √ Hatty benewşe, haddy läle, zülpi reýhandyr... / Goşgular - 12.01.2025 | |
| √ Şaglawuk / Goşgular - 02.01.2025 | |
| √ Kowusnama: Bedew edinmek hakynda / Goşgular - 12.01.2025 | |
| √ Lolular / Goşgular - 08.01.2025 | |
| √ Ýar laglyň arzuwlar men, jana bereý sen şypa... / Goşgular - 06.01.2025 | |
| Teswirleriň ählisi: 3 | |
|
| |
