19:08 Ýolagçylar hekaýaty | |
|
Ol ýigit atyndan ýykyldy birden, Agyrdy dyzçanak, agyrdy gerden. Adamlar üýşdüler onuň daşyna, Bu iş bir ýolagçyň geldi hoşuna. “Menden geçen boldy, debsedip atyn, Häk, boldy-da, alandyr ol almytyn...” Monça bolup, öz ýanyndan ol kişi, Baryp diýdi, synlap bu bolan işi: “Diňläň, munuň sebäbini diýeýin! Gowşan eken bilçekgisi eýeriň. Duşumdan geçende gördüm men ony... Gaty ynjamady, ýykyldy gowy. Bilçekgini berkiden bolsa eger, Atdan ýykylmaly bolmazdy meger...” | |
|
| |
