- Ýoldaş Atabaýew, - Ýoldaş Stalin. - Ýoldaş Batyrow. - Ýoldaş Babaýew, - Ýoldaş general, - Ýoldaş mugallym. - Ýoldaş sadalar... Bar ekeni aramyzda Ýoldaş haramzadalar: - Ýoldaş Ýelsin, Ýakowlew, - Ýoldaş Gorbaçýow... Ine, şondan bärem "Ýoldaş!“ sözüniň Ýokdur agramy. Ýoldaş diýseň, Seňrigini ýygyrýarlar. Hem-de ajy ýylgyrýarlar. Ýöne weli sosializm döwründe Ýoldaşdyk, ýoldaşlardyk. Ildeşdik, ildeşlerdik. Indi bolsa köpimizi bilmersiň tanap. Öňki ýoldaş indi bolupdyr jenap. Köpimiz bolsa gara gul, gedaý, Aýtsana, sen bizi nädadyň, Hudaý!..
Köpimiz bolsa gara gul, gedaý, Aýtsana, sen bizi nädadyň, Hudaý!..
Gönenýän bilen kösenýäniň aras-a gowja açyldy. Ol-a çyn. Ýöne, bu zatlary Hudaýdan görmelimi? “ýoldaş haramzadalaryň” spisogynyň indi kän peýdasam ýok. Olaryň döwri ötdi….
@Mahym hanym "Ýamandan boýnuňy satyn al" ýada "Köprüden geçýänçäň, doňza daýy diý" diýip, ata - babalarymyzyň döredip giden gowy nakyllary bar. Tankydy, kitüwli ýada şerebeli sözleri dogry we dürs kabul edip bilmeýän adamlara, hasam adatdan daşary güýç - kuwwata eýe bolan adaty adamlara aýtmaklygyň özi, öz janyňy meýletin howp astyna salmaklyk, diýmekligi aňlatmaýarmy?! Taryh bize şu tema degişli wakalaryň näçesini geljekki nesile sapak bolsun diýip goýup gitdi. Batyrlyk, öz janyňy meýletin howp astyna salmaklyk, gorkaklyk bolsa, gören erbetlikleriňe bir gezek göz ýummanyň üçin, ömürlik kör bolup gezmeklik, diýmekligi aňlatmaýar. Isleseň, islemeseňem, hakykat iru-giç ýüze çykýar.
Teswiri diňe saýta agza bolan ulanjylar goşup bilýär. [ Agza bol | Saýta gir ]