18:56 Yşk | |
Sen neneñ şahandaz, eý bagtly durmuş, Göreş edýän gije-gündiz sen diýip. Geçir meni käýän bolsam "şekliñe" Iki-ýeke ýalhoruñdan pent iýip. Husnuñy güllere gark etmek isläp, Tikenleñ keşigin çekýän üýtgeşik. Gülle böwsen söweş baýdagy ýaly, Bu ýürek bolupdyr eleme-deşik. Men öñe barýaryn şol ýürek bilen, Ony aýap bejermegiñ deregne. Ynanýan özüñden taparyn melhem, Söýgiden eleme deşik ýüregme. • Böwenjik Gadym ertekiler gür berýär bize, Ilde peýda bolan göýdük böwenjik. Dowar sürülerni çykarman düze, Diýipdir ol: — Seni iýmän nämejik. — Lak-luk atyp ýörkä basym-basymdan, Iýenni siñdirip bilmändir añsat. Ýarylan çak, Bir owlagyñ şahyndan, Öz ýerli-ýerine düşüpdir bar zat. Pök-pök edip, Onda-munda köw berip, Şol böwenjik häzirlerem tapylýar. Ýöne indi, Bedewler deÿ köwlenip, Kişñäp duran goşgylara topulýar. Kakabaý YLÝASOW. | |
|
| |
| Teswirleriň ählisi: 1 | |
|
| |
