03:16 Ýürek sedasy | |
|
Dürüşde geçmişiň tagamyn dadyp, Boşap galan öz dünýämde gygyrdym. Unudylyp galan çäýnek mysaly, Gaýnadym. Döküldim. Soňam bugardym. Ýasama ýylgyrşyň nikabyn geýip, Käte syrly, kä ýarymam düňledim. Şeýdip kem-kem ýalňyzlyga imrigen - ýüregimiň sedasyny diňledim. Köp gezdiler dogan ýaly gatnaşyp, Soňunda barybir "ýat ogly" boldum. Iller "Şatlyk" bilen söýüşýärkäler, Men "Gamgynlyk" bilen adagly boldum. Her kim gatnawynda gitýärem welin, Ykbalym wokzala meňzeýän ýaly... Henizem bir petek eýesiz ýatyr, Ýaradan bir ýerde egleýän ýaly... Ylham GURBANALYÝEW. | |
|
| |
| √ Şaglawuk / Goşgular - 02.01.2025 | |
| √ Dostum, arz et jemalyň, janymyz bolsun fereh... / Goşgular - 04.01.2025 | |
| √ Söýlemezlik harjysy söýlemegiň hasydyr... / Goşgular - 04.01.2025 | |
| √ Ýaraly ýüregiň owazy / Goşgular - 22.01.2025 | |
| √ Dil pyrak odunda ýandy, galdy jan hijran era... / Goşgular - 12.01.2025 | |
| √ "Ýene-de daň atdy..." / Goşgular - 01.01.2025 | |
| √ Men bir ýola... / Goşgular - 12.01.2025 | |
| √ Oňşuksyz öý / Goşgular - 12.01.2025 | |
| √ Kowusnama: Bedew edinmek hakynda / Goşgular - 12.01.2025 | |
| √ Eýledi ýar meni dert ile awara, medet... / Goşgular - 12.01.2025 | |
| Teswirleriň ählisi: 0 | |
