13:07 Ýürekdeş gürrüň / edebi ýaňsylama | |
|
Kişiň bagtyn alyp bagtly bolmak kyn, Enelerem bagty dogurmaýarlar. Biri bir setirmi alsa begenýän, Gowy şahyrlary ogurlaýarlar. Atamyrat ATABAÝEW. * * * Men meýil edemok kişiň bagtyna, Has takygy, beýle kişi göripdir. Kimde-kim meýil etse kişiň bagtyna, Diýmek, ol ruhy taýdan garypdyr. Bagt dogurmasa, goý, dogurmasyn, Onuň üçin enelerden kinäm ýok. Men şahyr. Bagtymy özüm döredýän, Maňa hormat goýmadygy sylamok. Setirlermi okap, ogurlamasa, Ykrar edemok men beýle şahyry. Sygdyryp bilemok, walla, kelläme, Gowy setir alynmaly ahyry! Goşgularmy okap, ogurlaberiň! Onuň üçin hiç kim bilen dawam ýok. Meň özümem käte şeýdýän ahyry, Şo sebäpden ýüregim kän awanok. Allaýar ÇÜRIÝEW. "Edebiýat we sungat", 19.11.1982 ý. | |
|
| |
| √ Meýdan güli / Goşgular - 30.01.2025 | |
| √ Aramyzdan gidenleri ýatlalyñ! / Goşgular - 12.01.2025 | |
| √ Bir dem ol dilber jemalyndan yrak olmak ne güýç... / Goşgular - 01.01.2025 | |
| √ Oňşuksyz öý / Goşgular - 12.01.2025 | |
| √ Hatty benewşe, haddy läle, zülpi reýhandyr... / Goşgular - 12.01.2025 | |
| √ Rubagylar / Goşgular - 10.01.2025 | |
| √ Ýar laglyň arzuwlar men, jana bereý sen şypa... / Goşgular - 06.01.2025 | |
| √ Dünýä maňa aşyk bolsun! / Goşgular - 07.01.2025 | |
| √ Söýlemezlik harjysy söýlemegiň hasydyr... / Goşgular - 04.01.2025 | |
| √ Dostum, arz et jemalyň, janymyz bolsun fereh... / Goşgular - 04.01.2025 | |
| Teswirleriň ählisi: 0 | |
