09:01 "Zülpükar gylyjy Hezret Alynyň..." | |
Kem däl eken Göroglynyň gylyjy, Zülpükar gyljyndan Hezret Alynyň. Ilini, ýurduny, dini gorapdyr, Ýüreginden sanjylypdyr talanyň. Zülpükar gylyjy Şahymerdanyň Oýnapdyr, gaýnapdyr merdiň golunda. Boýun egdiripdir boýun egmezi, Hezret Aly çyksa demir donunda. Allanyň adyndan ant içen kişi, Allany aldapdyr gezek gelende. Haýynlyk edeniň ömri dowzahdyr, Jan beripdir Aly haýyn elinde. Ynanypdyr Aly namart sözüne, Bu ata-babadan gaýdan kadadyr. “Ýurdum!” diýip, jan çekene al salmak, Duşmana däl, gardaşa-da ýodadyr. Zülpükar gylyçly Şahymerdana Al salanlar salmazmy, heý, saňa-da. Oýlan adam, ömrüň boýy oýlan sen, Degişli bi hem maňa-da, oňa-da. Zülpükar gylyjy düşse eliňe, Bilýärin sen maňa ynanmaň adam. Gidersiň şeýtanyň senem alyna, Ýanyňda tap-taýyn durandyr nadan. Hoş gal, adam, hoş gal, Şeýlemiş ahwal... 29-30. 05.2024. | |
|
| |
| √ Meýdan güli / Goşgular - 30.01.2025 | |
| √ Lolular / Goşgular - 08.01.2025 | |
| √ Eýledi ýar meni dert ile awara, medet... / Goşgular - 12.01.2025 | |
| √ Ýar laglyň arzuwlar men, jana bereý sen şypa... / Goşgular - 06.01.2025 | |
| √ Men bir ýola... / Goşgular - 12.01.2025 | |
| √ Söýlemezlik harjysy söýlemegiň hasydyr... / Goşgular - 04.01.2025 | |
| √ Dostum, arz et jemalyň, janymyz bolsun fereh... / Goşgular - 04.01.2025 | |
| √ Dil pyrak odunda ýandy, galdy jan hijran era... / Goşgular - 12.01.2025 | |
| √ Bir dem ol dilber jemalyndan yrak olmak ne güýç... / Goşgular - 01.01.2025 | |
| √ Oňşuksyz öý / Goşgular - 12.01.2025 | |
| Teswirleriň ählisi: 0 | |
