09:09 Alyslara nazar | |
|
Sen otyrsyñ uzaklara seredip, Bilýän seniñ sähra aşyk bolanyñ. Öz kalbyñda ajap sähra döredip, Dünýäñ özi bilen ýaşyt bolanyñ. Otyrsyñ sen alyslara seredip, Sährañ nury siñipdir señ gözlerñe. Göwünlere ganat bilen per edip, Şatlyk çaýýañ adamlaryñ ýüzlerne. Otyrsyñ sen uzaklara seredip, Görkezjek boluplar yşkyñ güýjänin. Başga zat däl, tolgundyrýañ ýüregi? Ukusyndan geçip gözel gijäniñ. Otyrsyñ sen alyslara seredip, Öz lezzeti bardyr seretmegiñem. Bu sähranyñ ýüreginde ýer edip, Mümkin bir täzelik döretmegiñem. Gülnabat BEGENJOWA. | |
|
| |
| Teswirleriň ählisi: 1 | |
|
| |
