00:12 Hyýal | |
|
Bir gün geler, men giderin ýat öýe, Öz mähriban ojagmyzy terk edip. Eje, şonda gyýylmasyn ýüregiň, Başarmasam gözýaşlarma erk edip. Hiç zat bolasy ýok, aglar goýaryn, Bir gün menem duýgularym goýalar. Hem ene ýüregňe rahatlyk berer, Men söýgüden bagtly durmuş guranym. «Mähribanym ejem jany görjek» diýp, Rugsat alyp bagtym bolan gerçekden, Öýe myhmançylyga geler duraryn. ...Bir gün geler, men giderin ýat ýere, Ene toprak, gözleriňden daşlaşyp, Ýok, goýup gitmerin seni keýpine, Men gitmeli borun, hökman gitmeli, Göwün beren hünärime baş goşup. Ýok, gitmerin, Seň tämiz howaňdan ät galmak üçin, Ýok gitmerin, Seniň adamlarňa ýat bolmak üçin, Men giderin seniň eziz adyňdan, Diplomat bolmak üçin. Dünýäniň her ýerin eziz saýsamam, Saňa mydam çeker durar damarym. Meni bagtly saýsalaram adamlar, Sensiz mydam dolar durar damagym. ...Sen ene topragym, ata Watanym, Şoňçüýn bärde bar kişi meň doganym. Bilmesemem duýgularma erk edip, Men gitmerin hijem seni terk edip, ...Bir gün geler, men gelerin dolanyp. Gülnabat BEGENJOWA. | |
|
| |
| √ Aramyzdan gidenleri ýatlalyñ! / Goşgular - 12.01.2025 | |
| √ Dünýä maňa aşyk bolsun! / Goşgular - 07.01.2025 | |
| √ Ýar laglyň arzuwlar men, jana bereý sen şypa... / Goşgular - 06.01.2025 | |
| √ Eýledi ýar meni dert ile awara, medet... / Goşgular - 12.01.2025 | |
| √ Meýdan güli / Goşgular - 30.01.2025 | |
| √ Oňşuksyz öý / Goşgular - 12.01.2025 | |
| √ Bu köňlüm zowrakyn aldy bu gün bir gunça leb gülruh... / Goşgular - 06.01.2025 | |
| √ Şaglawuk / Goşgular - 02.01.2025 | |
| √ Rubagylar / Goşgular - 10.01.2025 | |
| √ Ýagşy niýetler / Goşgular - 08.01.2025 | |
| Teswirleriň ählisi: 0 | |
