08:22 Sowgat | |
|
Saña uly sowgat etmek isleýän Uly çemen. Aý, ýok, solar gider-dä. Uly sowgat bolmaz gülden onsoñam Göwher az. Saña berjek sowgadym Gymmat bolmaly bor puldan onsoñam. Bar gaýgyñ biz bolup, özüñ hakynda Pikiri başyña salmajak ejem. Saña söýgim, sagbolsunym hökmünde Ýüregimi bersem almajak ejem. Özümden öñ gynanjyma aglaýan, Al, sowgat eýleýän gözlerim saña. Ah, sen bolaa monça öpýäñ didämden, Diýip: "Bolýar ýyly sözleriñ maña". Dogrusy, señ üçin laýyk sowgada, Ýetmez jemlesemem bar talyp hakym. Ýeketägmi gorawersin Biribar, Sen meniñ iñ uly baýlygym eje! Gülnabat BEGENJOWA. | |
|
| |
| √ Ýagşy niýetler / Goşgular - 08.01.2025 | |
| √ Söýlemezlik harjysy söýlemegiň hasydyr... / Goşgular - 04.01.2025 | |
| √ "Ýene-de daň atdy..." / Goşgular - 01.01.2025 | |
| √ Dil pyrak odunda ýandy, galdy jan hijran era... / Goşgular - 12.01.2025 | |
| √ Hatty benewşe, haddy läle, zülpi reýhandyr... / Goşgular - 12.01.2025 | |
| √ Şaglawuk / Goşgular - 02.01.2025 | |
| √ Ýaraly ýüregiň owazy / Goşgular - 22.01.2025 | |
| √ Dünýä maňa aşyk bolsun! / Goşgular - 07.01.2025 | |
| √ Meýdan güli / Goşgular - 30.01.2025 | |
| √ Kowusnama: Bedew edinmek hakynda / Goşgular - 12.01.2025 | |
| Teswirleriň ählisi: 1 | ||
| ||
