18:17 Saña duşup... | |
|
Men söýginiñ gözleginde, gözleriñe duçar boldum. Öñler-ä ot ýaly gyzdym, yşka köýen naçar boldum. Ahwalymy bilmän-bilmän, Şu güne çen gülmän-gülmän, Indi ökde gülek boldum, Bir kesirdim, gyñyrdym-da, Maña duşup, oñardyñ-da, Baý-baý, indi bir mysapyr, Bir mylaýym melek boldum. Seniñ üçin dünýe bir ýan, ýeke özümem bir ýan boldum. juda-juda bagtlykamam, gussalardan girýan boldum. Men görgüljik saña duşup, gamly düýşler görýän boldum. Ellerimden tutjak çagyñ: "Ýok" diýsemem gaýta-gaýta, Göwünjeñem boldum men. Joralarmyñ ýanynda sen hakynda aýda-aýda, Öwünjeñem boldum men. Öýkeläñde, ýalbaryplar dyza çökdüñ, Hakyky şagyzy boldum... Şeýde-şeýde yrdyñ meni, Şeýdip saña razy boldum. Gülnabat BEGENJOWA. | |
|
| |
| Teswirleriň ählisi: 3 | |||
| |||
