18:29 Bägül | |
|
Seniñ maña sowgat beren bägüliñ Penjiräñ öñünde ýaraşypjyk dur. Hemem meniñ saña berjek jogabma Sabyrsyzlyk bilen garaşypjyk dur. Ah, üýtgeşik näme diýerin öýdýäñ, Düşünsemem janyñ ýakyp, köýýänñe. Men ýene-de ynanmadyk bolaryn, Seniñ meni çyn ýürekden söýýänñe. Küýzäniñ içinde boýnun burupjyk, Bägül maña naýynjarja seredýär. "Razy bolaý!" diýýän ýaly bakyşly, Ýüregimi güneş bolup eredýär. Gülüñ göwnem gyzyñ göwni ýaly-da, Goý, bägül saralyp-solup gitmesin. Bor, güljagaz men oñ güli bolaýyn, Ýöne hijem ony sowgat etmesin. Gülnabat BEGENJOWA. "Edebiýat we sungat" gazeti, 2007 ý. | |
|
| |
| Teswirleriň ählisi: 0 | |
