17:07 Aşyklara! | |
|
Ýok, meňzäň diýemok Zöhre-Tahyra, Olaň güni başyňyza düşmesin! Ýöne welin, eý, erkana aşyklar, Siz arassa saklaň söýgiň çeşmesin. Men akyl bermekçi bolamok size, Men akyl bererden entek juda ýaş. Ýöne ýatlaýaryn: Mukaddes zatdyr, Säher çygy bilen zakgun dek gözýaş. Şasenem-Garyba meňzäň diýemok, Olaryň takdyry düşmesin başa! Ýöne azat söýgüde-de synag bar — Äsgermezlik eden çeker endişe. Hemme zat üýtgeýär dünýäň ýüzünde, Aşyklaň kanuny üýtgänok diňe: ...Wepadar bol — maňa ýar boljak bolsaň, Ine, merdanalyk diýerler muňa! Ot ýaly oglanlar öňüňden çykar, Gözleri ataşdyr, sözleri şeker. Üç gezek bükülip dyzyna çöker — Buýsanç bilen üstlerinden gülüp geç! Ýalan aşyk bardyr entek dünýäde, Ýalan sözem bardyr entek dünýäde. Baýramda, ballarda ýary sal ýada, Başgalaň ýanyndan başga bolup geç! Ýüzüň açyk bolsun, tutuk bolmasyn, Gaşlar gülsün dursun, çytyk bolmasyn. Duşuňdan garaman ötüp bolmasyn Ýere bakma, ile nazar salyp geç!.. Goý, mukaddes kasam bolup ýaňlansyn, Ýaryň ýaňagyndan alnan ogşuklar. Bir-birine berçinlensin kalbyňyz, Bagtly boluň, bagtly boluň Aşyklar! Berdinazar HUDAÝNAZAROW. | |
|
| |
| √ Hatty benewşe, haddy läle, zülpi reýhandyr... / Goşgular - 12.01.2025 | |
| √ Bir dem ol dilber jemalyndan yrak olmak ne güýç... / Goşgular - 01.01.2025 | |
| √ Ýagşy niýetler / Goşgular - 08.01.2025 | |
| √ Lolular / Goşgular - 08.01.2025 | |
| √ Dil pyrak odunda ýandy, galdy jan hijran era... / Goşgular - 12.01.2025 | |
| √ Ýa Biribar / Goşgular - 30.01.2025 | |
| √ Oňşuksyz öý / Goşgular - 12.01.2025 | |
| √ Bu köňlüm zowrakyn aldy bu gün bir gunça leb gülruh... / Goşgular - 06.01.2025 | |
| √ Rubagylar / Goşgular - 10.01.2025 | |
| √ Men bir ýola... / Goşgular - 12.01.2025 | |
| Teswirleriň ählisi: 0 | |
