11:06 Aýly gije | |
|
Seret, anha, asmanda Aý dogupdyr, Gel, bu täze Aýy ýüze sylaly! Hem arzuw edeli Aýa seredip, Soňky deme çenli bile bolaly! Her söýgiň ýolunda bir kötel barmyş, Şeýle bolsa bize duşan köteller Ejiz gelip sşýgimiziň zorundan Ynanýaryn, Ynan ýarym, Bizden sowlup öterler. Agdyk geläýse-de kötelleň güýji Badymyz sähelçe sarsdyryp bilsin. Söýgimiz täzeden güýçlensin ýene, Ikinji arzuwmyz – ine, şu bolsun! Täze dogan Aýdan ýene bir zady – Esasy bir zady diläli, dünýäm: Goý, şu aýda biziň toýumyz bolsun, Sähedinem şu gün belläli, dünýäm. 18. 06. 2010 ýyl | |
|
| |
| √ Meýdan güli / Goşgular - 30.01.2025 | |
| √ Dostum, arz et jemalyň, janymyz bolsun fereh... / Goşgular - 04.01.2025 | |
| √ Oňşuksyz öý / Goşgular - 12.01.2025 | |
| √ Ýaraly ýüregiň owazy / Goşgular - 22.01.2025 | |
| √ Şaglawuk / Goşgular - 02.01.2025 | |
| √ Söýlemezlik harjysy söýlemegiň hasydyr... / Goşgular - 04.01.2025 | |
| √ Ýa Biribar / Goşgular - 30.01.2025 | |
| √ Dünýä maňa aşyk bolsun! / Goşgular - 07.01.2025 | |
| √ Hatty benewşe, haddy läle, zülpi reýhandyr... / Goşgular - 12.01.2025 | |
| √ Men bir ýola... / Goşgular - 12.01.2025 | |
| Teswirleriň ählisi: 0 | |
