11:04 Bagyşla zemin | |
Bedenimi palçyk bilen almaşdym, Almaşdym dünýämi ýyldyzlar bilen. Dogry, ýaşamadym asyl ýalňyşsyz, Çalyşyp gijämi gündizler bilen. Çalyşdym ruhum bilen gök asmanymy, Hem şol boldy saýawanym ýagyşda. Aýa çykyp ýere bakdym yzlarym Gördüm, basgylanan zemin bagyşla! Ýagyş ýagdy, siňdirmedi bedenmi Saňa, dolamadyň etegňe meni. Men gorkajyk ogluň, şeýle edenli, Ýagyş bolan ýaşlaňda görüp seni, Bedenimi palçyk bilen almaşdym, Asman bilen almaşdym-da ruhumy. Ýalaňaç ýyldyzma ýalaňaç düşdüm, Saňa eştdirmezlik üçin gohumy. Ömrümiň dykdymda howa deşigni, Men asmana gaýtdym, bagyşla zemin. Şonda bildim saňa gereklidigim, Etegiňe düýräp galdyň eşigmi. Indi meň çün aglan gözýaşlaň ýagşa Goşlup birazajyk artygrak ýagar. Aşa söýgüm üçin gaýtdym, bagyşla, Göz ýaş saňa, ahyňam maňa deger. Eziz AMANNAZAROW. | |
|
| |
| √ Meýdan güli / Goşgular - 30.01.2025 | |
| √ Bu köňlüm zowrakyn aldy bu gün bir gunça leb gülruh... / Goşgular - 06.01.2025 | |
| √ Ýar laglyň arzuwlar men, jana bereý sen şypa... / Goşgular - 06.01.2025 | |
| √ Şaglawuk / Goşgular - 02.01.2025 | |
| √ Dostum, arz et jemalyň, janymyz bolsun fereh... / Goşgular - 04.01.2025 | |
| √ "Ýene-de daň atdy..." / Goşgular - 01.01.2025 | |
| √ Bir dem ol dilber jemalyndan yrak olmak ne güýç... / Goşgular - 01.01.2025 | |
| √ Ýaraly ýüregiň owazy / Goşgular - 22.01.2025 | |
| √ Eýledi ýar meni dert ile awara, medet... / Goşgular - 12.01.2025 | |
| √ Ýagşy niýetler / Goşgular - 08.01.2025 | |
| Teswirleriň ählisi: 1 | ||
| ||
