00:01 Bähbit | |
|
Irkiräk döwürde goñşy obada, Bähbit atly täsin bir adam bardy. Durmuşdaky bolýan ahwalatlaryñ Ählijesin ýagşylyga ýorýardy. Mysal üçin, ýatyp turýañ - keýpiñ ýok. Sebäbi, düýşüñde kesellänmişiñ. Bähbit aýdar: düýş tersine ýorulýar, Enşalla dert görmez bu gara başyñ. Howur salgymlanyp töweregiñde Dünýe eräýjege meñzäp durandyr. - Gyşam gyşa meñzär enşalla - diýip Bähbit muny ýagşylyga ýorandyr. Näçe gündür, ýelden gözüñ açylman Gözýetimi ümez baglap durandyr. - Ýagjak ýagşyñ alamaty bi - diýip Bähbit eýýäm ýagşylyga ýorandyr. Obada bir bendäñ kazasy dolup, Hossarlary gözýaş edip durandyr. - Gowy adam anna güni gidýändir Diýip... onam ýagşylyga ýorýandyr. Ýeñil ýorgut bilen gaýgy-gussany Edip bilmejegiñ elbetde, belli. Ýöne welin her niçikdir o sözler Birazajyk tesellidi, teselli. Diýýänine özi ynandymykan Diýip nämä gerek müñkürlik etmek? Hernä nesip etsin hemmämize-de Ynanyp ýaşamak, Ynanyp gitmek. Berdinazar HUDAÝNAZAROW. | |
|
| |
| Teswirleriň ählisi: 1 | ||
| ||
