18:00 Bizi aýra salan ýollar | |
|
“Bizi aýra salan ýollar Indi gaýdyp duşurmazmy?” Aýdymdan Ykbaldan razy men, bagtymdan razy, Ýöne bir zatlara gyýylýan käte. O haçan diýsene?! Haçan şol gözleň, Şol gamgyn gözleriň düşende ýada. Bizi aýra salan ýollara gargap, Öz ýanymdan gamgyn aýdym aýdardym. Ýanaryn öýderdim ataşy bilen Aýralyk diýilýän bu ýowuz derdiň. Emma süýjiň ajysynyň bolşy dek, Ajyňam süýjüsi bolýan ekeni. Edil özüň ýaly bir zyba gözel Mizemez bagt bilen gurşady meni. Bagty serpaý etdi saňa-da biri, Şeýdip, ýene bagta siňdi ykballar. Diýmek, dogry ýola gönügipdir-dä, Bizi aýra salan hupbatly ýollar. 26. 05. 2011 ý. | |
|
| |
| √ Söýlemezlik harjysy söýlemegiň hasydyr... / Goşgular - 04.01.2025 | |
| √ Meýdan güli / Goşgular - 30.01.2025 | |
| √ Oňşuksyz öý / Goşgular - 12.01.2025 | |
| √ Bu köňlüm zowrakyn aldy bu gün bir gunça leb gülruh... / Goşgular - 06.01.2025 | |
| √ Bir dem ol dilber jemalyndan yrak olmak ne güýç... / Goşgular - 01.01.2025 | |
| √ Ýaraly ýüregiň owazy / Goşgular - 22.01.2025 | |
| √ Lolular / Goşgular - 08.01.2025 | |
| √ Hatty benewşe, haddy läle, zülpi reýhandyr... / Goşgular - 12.01.2025 | |
| √ Aramyzdan gidenleri ýatlalyñ! / Goşgular - 12.01.2025 | |
| √ Ýar laglyň arzuwlar men, jana bereý sen şypa... / Goşgular - 06.01.2025 | |
| Teswirleriň ählisi: 0 | |
