14:01 Bu ömürde... | |
|
Bu ömürde ep-eslije zat gördük, Ýakyndanam mähribanrak ýat gördük, Özi garyp, ýöne göwni şat gördük – Gara ak bolupdyr diýip eşdemok. Kän ondan, kä mundan öwüsýär şemal, Azgyna ahyry tapylýar zowal, Öwüt-ündew bilen – asly bikemal Kemal tapanmyşyn diýip eşdemok. Synlap bu dünýäni, töwerek-daşy, Eşitsem-de her hiliräk „myş-myşy“, Gara gazan ýaly şar gara kişi Duw ak bolaýypdyr diýip eşdemok. Söýýäniň ýalandyr özge ynsany – Onuň üçin ýakyp bilmeseň jany, Gördüm akmakdyryn diýýän danany, Akmaklaryň beý diýenin eşdemok. Şeýleräk bu dünýe, şeýleräk durmuş! Haýrandyryn: akly dolumy ýa boş – Hemmeleriň öz-özünden göwni hoş, Şükür, kemim bar diýeni eşdemok. Berdinazar Hudaýnazarow. | |
|
| |
| Teswirleriň ählisi: 0 | |
