18:03 Düýeguş hakynda ballada | |
|
"...Sionistleriñ propogandasyna ynanyp, SSSR-den Ysraýyla giden ýewreýler her ädimde süteme, kemsitmelere sezewar bolýarlar". Gazetlerden Olam bir ajaýyp guşdy bir zaman, Uçardy asmanda ganatyn ýaýyp. Pessaý uçýan guş görse-de diýerdi: "Guşlara ýadamak aýypdyr-aýyp". Güne eli ýetjek elin uzatsa, Ýyldyzlara ýetjek elin uzatsa. Ine, göge uzan baglañ çür başy, Oñ üçin sallançak dynç alyp ýatsa. Şeýdip ýaýnap ýörkä bagtyýar bolup, Eşitdi ol düýeleriñ esreşin: "Geliñ sürimize kowum-gardaşlar, Görmek üçin bu dünýäniñ eşretin". Düýeguş terk etdi mawy asmany Ynanyp howaýy, "eşretli" söze. Düýeler öwdüler: "Öz-ä kiçijik, Ýöne tüýs meñzäp dur köşejigmize. Aýyr, ganatyñam, nämäñe derkar, Kowlap tutmaly däl iýjek höregñi. Leýis bolar ýatar aýak astynda Keýp çek, näm isleseñ, al-da geregñi". Wada berip, düýeguşam magtandy: "Zerur bolsa janym alyñ paç üçin!" Sowgat berdi ganatlaryn-bagtynam Garry düýelere ýelpewaç üçin. Birinji gün ýandak iýdi - oñmady. Erte ýokuş görüp iýende şora, Bir bugurçy esräp, öñe omzady: "Ony halamasañ, daş iýäý, jora!". Gulagyna ynanmady düýeguş - Düýnki hossarlardan bu niçik gepdi?! Inere arz etdi - inerem depdi. Inene arz etdi - inenem depdi. Dälilik kaddyna ýeten Düýeguş Towsup turdy hiç zat ýadyna salman Patlap gaçdy. Düýşde ýaly uzakdy Erkinleriñ ýurdy - asuda asman. Muhammetmyrat KÖMEKOW. "Совет эдебияты" žurnaly, 1981 ý. | |
|
| |
| √ Bir dem ol dilber jemalyndan yrak olmak ne güýç... / Goşgular - 01.01.2025 | |
| √ Aramyzdan gidenleri ýatlalyñ! / Goşgular - 12.01.2025 | |
| √ Ýar laglyň arzuwlar men, jana bereý sen şypa... / Goşgular - 06.01.2025 | |
| √ Bu köňlüm zowrakyn aldy bu gün bir gunça leb gülruh... / Goşgular - 06.01.2025 | |
| √ Men bir ýola... / Goşgular - 12.01.2025 | |
| √ Ýaraly ýüregiň owazy / Goşgular - 22.01.2025 | |
| √ Dil pyrak odunda ýandy, galdy jan hijran era... / Goşgular - 12.01.2025 | |
| √ Dünýä maňa aşyk bolsun! / Goşgular - 07.01.2025 | |
| √ Lolular / Goşgular - 08.01.2025 | |
| √ Oňşuksyz öý / Goşgular - 12.01.2025 | |
| Teswirleriň ählisi: 2 | |||
| |||
