17:28 Köne ýurt ýerler | |
|
Köne ýurt ýerler - dogduk obalar, Apalap ösdüren nesil baryny. Şatlygyng diñläp giñ posýolokda, Çekip otyr garrylygyñ zaryny. Aý-aýdyñ gijeler ýadyna salýar, Ak öýleñ tüýnügin, kepbeleñ gerşin. Toý gününde goç ýigitlerñ gyratly Darap-darap okkesirme geçişin. Ýatlaýar gözýaşly ýüzläp gelini - Gaýdyp ýar gujagyn bilmedikleri. Ýatlaýar uruşdan gaýdyp geleni, Has-da köp ýatlaýar gelmedikleri. Adamyñka meñzeş ýurt ýeriñ ömrem, Döreýär, joş urýar, gowşaýar saly. Ýumrulýança şol garaşyp otyrlar, Gidenler ir-u-giç geläýjek ýaly. Muhammetmyrat KÖMEKOW. | |
|
| |
| Teswirleriň ählisi: 0 | |
