22:31 Seslen, Ukraina! | |
|
(Agam Gylyçdurdynyñ ýadygärligine bagyşlaýaryn). Gumundan güýç alyp giñ Garagumuñ, Geldim saña hyýal ýumagym çözläp. Uruşda dereksiz ýiten agamyñ Ynha gezip ýörün mazaryn gözläp. Onuñ didaryny gören bolsañyz, Sesleniñ, derýalar, sesleniñ, daglar! Seslen, köpi gören, eý, goja deñiz, Sesleniñ, tokaýlar, sesleniñ daglar! Ýa duşman okundan señselän çagy, Gapyl galyp, düşdümikä duzaga?! Goýup ýüregine aýralyk dagy, Sürdülermi Watanymdan uzaga?! Ýa söweşde güýç-kuwwatdan aýrylyp, Wepat boldumy ol dara-direde?! Gör, neneñ ýamandyr diri aýralyk, Seslen, Ukraina, agam nirede?! Nirede bolsa-da, eltiñ siz meni, Mazaryny güller bilen örteýin. Agamyñ ganynyñ daman gumuny Görkeziñ siz, ýüz-gözüme sürteýin Ýadymda, çagakam başym sypany Soñ bilemok hiç zat men ol barada. Ukrain topragy, eý, gözel ülke, Seslensene, eziz agam nirede? Muhammetmyrat KÖMEKOW, matros. "Edebiýat we sungat" gazeti, 16.01.1963 ý. | |
|
| |
| √ "Ýene-de daň atdy..." / Goşgular - 01.01.2025 | |
| √ Şaglawuk / Goşgular - 02.01.2025 | |
| √ Bu köňlüm zowrakyn aldy bu gün bir gunça leb gülruh... / Goşgular - 06.01.2025 | |
| √ Rubagylar / Goşgular - 10.01.2025 | |
| √ Hatty benewşe, haddy läle, zülpi reýhandyr... / Goşgular - 12.01.2025 | |
| √ Dil pyrak odunda ýandy, galdy jan hijran era... / Goşgular - 12.01.2025 | |
| √ Dostum, arz et jemalyň, janymyz bolsun fereh... / Goşgular - 04.01.2025 | |
| √ Bir dem ol dilber jemalyndan yrak olmak ne güýç... / Goşgular - 01.01.2025 | |
| √ Eýledi ýar meni dert ile awara, medet... / Goşgular - 12.01.2025 | |
| √ Kowusnama: Bedew edinmek hakynda / Goşgular - 12.01.2025 | |
| Teswirleriň ählisi: 0 | |
