17:01 Günüñ monology | |
![]() Ýeñildir öýtmäñ Gün bolup dogmak, Ýüzüne sylýan bar, Bar ýüzün sowýan. Şoñ üçinem doglamda her gezek Ýaýdana-ýaýdana, ýaýdana dogýan. Görsem adamlaryñ şadyýan ýüzün, Şolañ şatlygyndan köreýär çogum. Gara çalnan ýaly, garalýar ýüzüm. Ýandyrlan topraga ýöreýär çagym. Ýogsam dogulmandym garalmak üçin, Ýa ýüzümi gara tüsse ýalmara. Doguldym men gözlere nur çaýmaga, Mañlaýdaky ýygyrtlary ýazmaga. Bäbekleriñ ýañagyndan öpmeli, Jahyllary jahyllyga eltmeli, Garlary eredip, soñ gapak baglan Gämikleriñ men dadyna ýetmeli. Balyny goýaltmaly doluşan miwäñ, Adam, alar ýaly iýende işdäñ! Garaz, bezeg üçin gelemok her gün, Ýetişip bolunsa etmeli iş kän. Ýogsa men hiç haçan ynsan bagtyna, Doglasym gelenok gara gün bolup. Garşylañ siz meni bir dogan bolup, Wah, doglaýyn mydam çogly gün bolup! Muhammetmyrat KÖMEKOW. | |
|
√ Dostum, arz et jemalyň, janymyz bolsun fereh... / Goşgular - 04.01.2025 |
√ Dil pyrak odunda ýandy, galdy jan hijran era... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Şaglawuk / Goşgular - 02.01.2025 |
√ Rubagylar / Goşgular - 10.01.2025 |
√ Kowusnama: Bedew edinmek hakynda / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Ýaraly ýüregiň owazy / Goşgular - 22.01.2025 |
√ Meýdan güli / Goşgular - 30.01.2025 |
√ Bu köňlüm zowrakyn aldy bu gün bir gunça leb gülruh... / Goşgular - 06.01.2025 |
√ Aramyzdan gidenleri ýatlalyñ! / Goşgular - 12.01.2025 |
√ "Ýene-de daň atdy..." / Goşgular - 01.01.2025 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |