19:42 Eger kasam etsem... | |
Kasam etsem biri dogan boljakmyş! Ine, saña gerek bolsa täzelik! - Eger häzir kasam etseñ, ant içseñ, Syr açaýyn - diýdi, bir gyz näz edip. Biri diýdi: - Bar oñatja wezipe, Kasam etseñ, maña ýaran bolmagy, - Ýene biri hödürledi täze jaý, Özem neneñsi jaý! Dört-bäş otagly. Garaz, kasam etsem, ömrüm bezejek Elimde bir ujy şöhrat kelebiñ. Ýöne kasam diýlen paýlabir ýaly, Tükeniksiz posasy däl jelebiñ. Bir gara güýç gelip äkitjek ýaly, Olar seni goýberenok ýanyndan. Seni dost-duşmandan gabanýar olar. Gabanýar çygjymak güýz şemalyndan. Ýene dost-ýar gelse, näkesem gelýär, Suwjarýar, sürünýär ol seni synap. Sen bolsa sypaýy dymyp otyrsyñ, Çagalañ buýsançly başyny sypap. Hapa düýrlän geldi-geçer tüweleý, Yrap bilmez başy belent daglary. ...Näkesler käte bir ýeñiş gazanýar, Olam - goç ýigitleñ dyman çaglary. Muhammetmyrat KÖMEKOW. | |
|
| |
| √ Aramyzdan gidenleri ýatlalyñ! / Goşgular - 12.01.2025 | |
| √ Ýar laglyň arzuwlar men, jana bereý sen şypa... / Goşgular - 06.01.2025 | |
| √ Bir dem ol dilber jemalyndan yrak olmak ne güýç... / Goşgular - 01.01.2025 | |
| √ "Ýene-de daň atdy..." / Goşgular - 01.01.2025 | |
| √ Meýdan güli / Goşgular - 30.01.2025 | |
| √ Dünýä maňa aşyk bolsun! / Goşgular - 07.01.2025 | |
| √ Eýledi ýar meni dert ile awara, medet... / Goşgular - 12.01.2025 | |
| √ Ýagşy niýetler / Goşgular - 08.01.2025 | |
| √ Ýaraly ýüregiň owazy / Goşgular - 22.01.2025 | |
| √ Şaglawuk / Goşgular - 02.01.2025 | |
| Teswirleriň ählisi: 0 | |
