11:51 Ene dilim | |
|
Şeýle ýazanmyşyn bir beýik dana: “Dünýäniň ýüz dilin bilseň-de eger, Unutma öz diliň, unudaýsaň ol Jigeriňe hanjar bolup sünjüler.” Ürç edip öwrenýäs dünýä dillerin, Dil biziň baýlygmyz. Ol bize zerur. Emma näçe dili bilýän-de bolsam, Kalbymda seň ornuň juda aýry dur. Entek bäbejikkäm ejemjan seni Guýupdyr aňyma süýdüne garyp. Şonuň üçin bir-ä ene mährinde, Bir-de seň balyňdan bilemok ganyp Meniň şindi bekeşmedik kalbyma Ene süýdi bilen gireňsoň bile, Adyňy-da enem deýin ezizläp, “Ene dilim” diýip alýaryn dile. 4.09.2009 ýyl | |
|
| |
| Teswirleriň ählisi: 0 | |
