21:28 Esgerlikden ýaňy geläýen günlem... | |
Öwrülse-de yzda galan salgyma Esgerlikden ýaňy geläýen günlem Näme üçindir, eziz gelýär kalbyma, Esgerlikden ýaňy geläýen günlem. Iki ýyllap daşlygyndanmy araň, Öňküsinden giňän ýalydy obam. Käte syrly-syrly aglardy Käbäm Esgerlikden ýaňy geläýen günlem. Ýaraladym düýbi-teýkary bilen Bu kalby gyzlaryň peýkamy bilen. Dälidim indije söýmäni bilen, Esgerlikden ýaňy geläýen günlem. Tylla güýz möwritin soňlap barýardy, Tomsuň dökenini ýygnap barýardy. Ömre meňzedipdim göçýän durnany, Esgerlikden ýaňy geläýen günlem. Gözlerime inen ýalydy dogum, Atam aýtmyşlaýyn “ösüpdi ogul”. ...Ilkinji söýgä-de duşupdym şo gün... Esgerlikden ýaňy geläýen günlem. Çagalar ep-esli ulalypdyrlar (Ýa ýaşlyk olary uly gopdurýar). Lezzeti başgaça guwanyp durmaň, Esgerlikden ýaňy geläýen günlem. “Däldir diňe iki ýyllyk” diýdiler, “Watana edilýän gulluk” diýdiler, “Baky gulluk – çyn ogullyk” diýdiler, Esgerlikden ýaňy geläýen günlem. Uýdum pende, Kalbym doldy ýalkyma, Baky gulluk – baky bergim halkyma. Şonuň üçin eziz gelýär kalbyma Esgerlikden ýaňy geläýen günlem. 19. 04. 2012 ýyl | |
|
√ Lolular / Goşgular - 08.01.2025 |
√ Dil pyrak odunda ýandy, galdy jan hijran era... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Meýdan güli / Goşgular - 30.01.2025 |
√ Hatty benewşe, haddy läle, zülpi reýhandyr... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Dünýä maňa aşyk bolsun! / Goşgular - 07.01.2025 |
√ Men bir ýola... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Bir dem ol dilber jemalyndan yrak olmak ne güýç... / Goşgular - 01.01.2025 |
√ Ýar laglyň arzuwlar men, jana bereý sen şypa... / Goşgular - 06.01.2025 |
√ "Ýene-de daň atdy..." / Goşgular - 01.01.2025 |
√ Kowusnama: Bedew edinmek hakynda / Goşgular - 12.01.2025 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |