18:31 Getirip gitdiler | |
|
Bir ýaglyk gant bilen bir halta uny. Ýok, ol aklygam däl, süýjüligem däl, Läläm, ol namyrat Söýginiň huny. Ýüregim lowurdap gaýtdy asmandan, Gelnaljylar bir ýyldyzdyr öýtdüler. Ýyldyz ýere ýetmän söndi armanly, Seň şanyňa şol ýyldyzy atdylar. Sen aňdyňmy bolan alamatlary: Ýol sizi islemän, şeýle çaýkandy. Atgulakdyr öýtme al matalary, Olar meniň ýüregimden gyýkyndy. Şeýle dabaradan humarmydyň sen, Şol wagt Söýgi duşsa, tanarmydyň sen?! Italmaz Akmyradow. | |
|
| |
| √ Ýa Biribar / Goşgular - 30.01.2025 | |
| √ Meýdan güli / Goşgular - 30.01.2025 | |
| √ Dünýä maňa aşyk bolsun! / Goşgular - 07.01.2025 | |
| √ Bir dem ol dilber jemalyndan yrak olmak ne güýç... / Goşgular - 01.01.2025 | |
| √ Oňşuksyz öý / Goşgular - 12.01.2025 | |
| √ Bu köňlüm zowrakyn aldy bu gün bir gunça leb gülruh... / Goşgular - 06.01.2025 | |
| √ Dostum, arz et jemalyň, janymyz bolsun fereh... / Goşgular - 04.01.2025 | |
| √ Men bir ýola... / Goşgular - 12.01.2025 | |
| √ Rubagylar / Goşgular - 10.01.2025 | |
| √ Kowusnama: Bedew edinmek hakynda / Goşgular - 12.01.2025 | |
| Teswirleriň ählisi: 0 | |
