14:58 Häsiýet | |
|
Suw bermän, bilkastdan tebsiretdiler, Ýallaman, bilkastdan ajykdyrdylar. "Señ paýyñy iýýär ho-ol tazy" diýip, Onuñ garşysyna öjükdirdiler. Torture ýaly tos-togalak ol güjük, Ylla janawerde köýen dek ary. Il bilen işi ýok ýuwaş tazyny Dalamaga taýyn dogaly bäri. Şäheriñ gezelenç meýdançasynda Bu gün ýene gördüm şol tanyş oýny: Güjük taza bakan düw-düw dyzaýar Agyz uraýmaga ysanok bogny. Gapdalynda ol güjügiñ eýesi Guwanç bilen synlap onuñ üýrüşin. Makullaýar oñ dişlerin syrtardyp Ýognan boýnun haýbat bilen düýrüşin. Tazy bolsa düşünenok hiç zada Ol güjügiñ urýan azmyna haýran. Men näme ýamanlyk etdimkäm oña Diýýän ýaly diñşirgenip dur haýwan. Eýesi güjükden, güjügem ondan Göwnühoş boluşyp dur, hanha, olar. Güjükkä häsiýetin synlap haýykdym, It çykaýsa dagy nähili bolar?!. Berdinazar HUDAÝNAZAROW. | |
|
| |
| √ Ýagşy niýetler / Goşgular - 08.01.2025 | |
| √ Oňşuksyz öý / Goşgular - 12.01.2025 | |
| √ Bu köňlüm zowrakyn aldy bu gün bir gunça leb gülruh... / Goşgular - 06.01.2025 | |
| √ Şaglawuk / Goşgular - 02.01.2025 | |
| √ Meýdan güli / Goşgular - 30.01.2025 | |
| √ Bir dem ol dilber jemalyndan yrak olmak ne güýç... / Goşgular - 01.01.2025 | |
| √ Dil pyrak odunda ýandy, galdy jan hijran era... / Goşgular - 12.01.2025 | |
| √ Söýlemezlik harjysy söýlemegiň hasydyr... / Goşgular - 04.01.2025 | |
| √ Men bir ýola... / Goşgular - 12.01.2025 | |
| √ Eýledi ýar meni dert ile awara, medet... / Goşgular - 12.01.2025 | |
