17:47 Her döwürde bir hili zat ýoñ bolar... | |
|
Her döwürde bir hili zat ýoň bolar, Bihaýalyk hemmesinden geň bolar. Toý toý bolmaz —Dawa bilen jeň bolar, Özün saklap bilýän jahyl azalar. Şerbazlar şeraby ýüzüne sylar, Saçagyň üstünde bulgurlar synar. Ne gözel naharlar harama döner, Haý-küşler ýol almaz, Täsir azalar. Dananyň sözlerin diňlän tapylmaz, Ynsany päklige ündän tapylmaz. Halaly, haramy dannan tapylmaz, Aşa düşen artar, berhiz azalar. Göz-gulban boluşyp gündiziň güni, Nebir gyz-gelinler güjeňlär teni. Söýüşýärler! diýip, aldamaň meni. Aşyksumak artar, Tahyr azalar. Öten-geçenlerden gyrp-çyrp edip, Ak kagyzy, gök syýany sarp edip, Gazýetleri pak gazala gark edip, Goşguçy köpeler, Şahyr azalar. Berdinazar HUDAÝNAZAROW. | |
|
| |
| √ Rubagylar / Goşgular - 10.01.2025 | |
| √ Ýa Biribar / Goşgular - 30.01.2025 | |
| √ Dostum, arz et jemalyň, janymyz bolsun fereh... / Goşgular - 04.01.2025 | |
| √ Ýagşy niýetler / Goşgular - 08.01.2025 | |
| √ Aramyzdan gidenleri ýatlalyñ! / Goşgular - 12.01.2025 | |
| √ Dil pyrak odunda ýandy, galdy jan hijran era... / Goşgular - 12.01.2025 | |
| √ Şaglawuk / Goşgular - 02.01.2025 | |
| √ Hatty benewşe, haddy läle, zülpi reýhandyr... / Goşgular - 12.01.2025 | |
| √ Dünýä maňa aşyk bolsun! / Goşgular - 07.01.2025 | |
| √ Ýaraly ýüregiň owazy / Goşgular - 22.01.2025 | |
| Teswirleriň ählisi: 2 | |
|
| |
