23:29 Her kimiň özüne... | |
|
Her kimiň özüne görädir şekli, Kimse az geplidir, kimse köp gepli. Gowudyr adamyň aşmasa hetdi, Hem tabytly hem dutarly dünýäde. Bir ömürde goňşa ýetmese nepiň, Sypatyňa görä däldir seň gepiň. Belli bolar ýürekdäki niýetiň, Birewiň birewe bagly dünýäde. Ömür – ak hem gara reňkli filmdir, Iň soňunda arkadagyň iliňdir. Kimde kim özüni saýsa pygamber, Ol hiç kimem däldir arly dünýäde. Kimse bugdaý eker, kimseler arpa, Kimse mylaýymdyr, kimseler morta, Kim kellä zor salar, kim bolsa murta, Kuýaşly, ýyldyzly, mahly dünýäde. Bir tarapy gyşdyr, bir ýany ýazdyr, Bir tarapy toýdur, bir ýany ýasdyr. Ömrüň başy şatlyk, soňy gözýaşdyr. Ýanwarly dünýäde, maýly dünýäde. Şonda-da gursakda urýarka ýürek, Özüňi bagş edip ýaşamak gerek, Ylaýym, ölümi ömürden kem et! Surnaýly dünýäde, ýaýly dünýäde. Durdymuhammet GURBANOW. | |
|
| |
| √ Oňşuksyz öý / Goşgular - 12.01.2025 | |
| √ Ýar laglyň arzuwlar men, jana bereý sen şypa... / Goşgular - 06.01.2025 | |
| √ Ýa Biribar / Goşgular - 30.01.2025 | |
| √ Söýlemezlik harjysy söýlemegiň hasydyr... / Goşgular - 04.01.2025 | |
| √ Ýaraly ýüregiň owazy / Goşgular - 22.01.2025 | |
| √ Lolular / Goşgular - 08.01.2025 | |
| √ Meýdan güli / Goşgular - 30.01.2025 | |
| √ Bu köňlüm zowrakyn aldy bu gün bir gunça leb gülruh... / Goşgular - 06.01.2025 | |
| √ Dil pyrak odunda ýandy, galdy jan hijran era... / Goşgular - 12.01.2025 | |
| √ Men bir ýola... / Goşgular - 12.01.2025 | |
| Teswirleriň ählisi: 0 | |
